Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýadro programmasy barada günbatara teklip hödürlär


Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu ýurduň ýadro programmasy barada Tähran bilen gepleşikler geçirýän 6 ýurda şu gün Eýran öz täze teklibini hödürlär.

ISNA habar agentligi Eýranyň Daşary işler ministri Manuçer Mottakä salgylanyp çap eden habarynda, bu teklibe özgerşlikler girizilenligini we munuň 5+1 toparyna şu gün hödürlenjekdigini habar berýär.

“5+1” BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Britaniýa ABŞ, Hytaý, Orsýet we Fransiýa bilen bir hatarda bu geňeşe agza bolmadyk Germiýadan ybaratdyr.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad duşenbe güni eden çykyşynda Tähranyň günbatar ýurtlary bilen gepleşikler geçirmäge taýýardygyny emma bu gepleşkleriň temasynyň halkara problemalar bolmalydygyny aýtdy. Ol Eýranyň ýadro programmasyny dowam etdirjekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG