Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda tussag edilen türk kapitany boşadyldy


Tiblisi Abhaziýa garşy dowam etdirýän ykdysady gabawyny bozup şol ýere nebit alyp barmaga synanyşanlygy üçin tussag edilip 24 ýyl berlen türk gämisiniň kapitanyny azatlyga göýberdi.

Ady agzalýan kapitan Mehmet Öztürk işleýän kompaniýasy tarapyndan jerime hökmünde 18 müň dollar töweregi pul tölenenligi üçin boşadylypdyr.

Onuň erkinlige goberilmegi baradaky karar Türkiýäniň Daşary işler ministri Ahmet Dawudoglynyň Tiblisä edýän saparyna gabat geldi.

Gürjüstan geçen ýyl bolan çaknyşykdan soňra bu ýurtdan bölünen we Moskwa tarapyndan goldanylýan Abhaziýa we Günorta Osetiýany ykdysady gabawda saklamaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG