Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşekeşligi nädip azaldyp bolar?


Resmi maglumatlara görä, Orsýetde «narkoman», «neşekeş» hökmünde resmi hasapda durýan adamlaryň sany 550 müň.
Resmi maglumatlara görä, Orsýetde «narkoman», «neşekeş» hökmünde resmi hasapda durýan adamlaryň sany 550 müň.
«Orsýet Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew 8-nji sentýabrda geçiren howpsuzlyk geňeşinde okuwçylaryň ählisiniň neşe ulanyp-ulanmaýanlygyny ýüze çykarmak üçin barlagdan geçirilmek baradaky pikiri goldaýandygyny aýtdy» diýip, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy habar berýär. Aýdylmagyna görä, bu çäre Döwlet neşe gözegçiligi guramasynyň taýýarlan teklipleriniň diňe biri bolup durýar.

Howpsuzlyk geňeşi neşe maddalarynyň ýaýradylamagyna garşy göreş babatda döwlet syýasatyny kämilleşdirmegiň meselelerine seredip, Orsýetde wagtal-wagtal gozgalýan neşe hem neşekeşlik meselesine indi has çynlakaý garaljagyny duýdurýar. Resmi maglumatlara görä, Orsýetde «narkoman», «neşekeş» hökmünde resmi hasapda durýan adamlaryň sany 550 müň. Olaryň 140 müňi çagalar we ýetginjeklerdir.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy dürli ekspertleriň berýän bahalaryna salgylanyp, Orsýetde neşe ulanýan adamlaryň sanynyň 2 milliondan 8 milliona çenli bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Aýdylmagyna görä, Orsýetde her ýyl neşe maddalarynyň dozasy bilen bagly 30 müň adam ölýär.

Psihiatr-narkolog Ýuriý Siwolap Seçenow adyndaky Medisina akademiýasynyň professory. Ol rus jemgyýetinde neşekeşligi ýaýratmagyň örän çynlakaý problemadygyny aýdýar: «Sözsüz, neşekeşlik jemgyýet üçin agyr dert. Bu WIÇ infeksiýasy, gepatitler diýildigdir. Onsoňam bu bela ýurduň zähmet resurslaryny çüpredýär, sebäbi näsag neşekeşler köplenç işe ukypsyz bolýarlar» diýip, Siwolap aýdýar. Şeýle-de ol, käbir hasaplamalara görä, her ýyl 20-30 müň neşekeşiň neşe dozasyny artyk ulanmak zerarly ölýändigini sözüniň üstüne goşýar.

Bu ýagdaýyň öňüni nädip alyp bolar?

Professoryň pikirine görä, bu işde iň esasy zat ýokary hilli narkologiki we hemmelere elýeterli kömek sistemasyny döretmek bolup durýar. «Eger adam köçeden gelip, mugt kömek alyp bilse, bu keselli adamlary gaýtadan jemgyýete goşmaga ullakan ýardam bolar. Emma biziň jemgyýetimizde häzir bu hili mümkinçilik ýeterlik däl» diýip, professor Siwolap aýdýar. Şeýle-de ol neşekeşleriň artyk dozadan ölmeginiň öňüni almak üçin olara mugt nalokson paýlanmagyny öňe sürýär. Nalokson geroiniň ýörite antidoty bolup, eger neşekeşde artyk doza alamatlary ýüze çyksa we ölüm howpy abansa, ol bu preparaty ýa maddany özüne sanjym edip bilýär.

Orsýetiň Neşe maddalarynyň dolanyşygyna kontrollyk boýunça federal gullugynyň başlygy Wiktor Iwanow «Rossiýskaýa gazeta» beren interwýusynda «neşe maddalary bilen bagly ýagdaýy düýpgöter üýtgetmek üçin düýpli öwrülişik gerek» diýipdir. Onuň pikirine görä, neşekeşleri başga adamlaryň ömrüni töwekgellige salyp biljek işlerde işletmegi gadagan etmeli. Şeýle-de ol neşekeşler üçin ýörite sudlaryň döredilmelidigini, umumy bilim jaýlarynda neşe ulanýanlary ýüze çykarmak üçin ýörite barlaglaryň geçirilmelidigini aýdýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, türkmen prezidenti G. Berdimuhammedow hem neşekeşlige garşy aýgytly göreşe çagyryp çykyş edipdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Eýran, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uly araçägi bar we bu ýurda neşe getirmek Orsýete garanda has aňsat hasaplanylýar. Emma Türkmenistanda neşekeşleriň we artyk dozadan ölýän adamlaryň sany aýdylmaýar. Şoň bilen birlikde Türkmenistanyň okuw jaýlarynda hem heniz neşe ulanýanlary ýüze çykarmak, neşekeşleri başgalaryň ömri üçin töwekgelçilikli işlerde işletmegiň öňüni almak barada açyk gürrüň edilmeýär.
XS
SM
MD
LG