Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On ýyl öň Moskwada uly partlama bolupdy


On ýyl mundan öň Orsýetde ýaşaýyş jaýlarynda partladylan bombalar 300-den gowrak adamyň ömür tanapyny üzdi.
On ýyl mundan öň Orsýetde ýaşaýyş jaýlarynda partladylan bombalar 300-den gowrak adamyň ömür tanapyny üzdi.
On ýyl mundan öň Orsýetde ýaşaýyş jaýlarynda partladylan bombalar 300-den gowrak adamyň ömür tanapyny üzdi. Bu waka ýurduň syýasy keşbini üýtgetdi. Häkimiýetler bu partlamalary çeçen pitneçilerinden gördüler. Netijede bu ýagdaý ikinji çeçen urşunyň başlanmagyna bahana boldy.

Ylaýyk 10 ýyl mundan ozal, 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda, Moskwanyň günorta bölegindäki köp kwartiraly ýaşaýyş jaýlarda ýaşaýan adamlar partlamalaryň sesine süýji ukudan oýandylar. Şol partlamada 94 adam ölüp, 250 çemesi adam ýaralandy.

Şondan bäş gün öň Orsýetiň Buýnaksk raýonynda köp kwartiraly jaýdaky bomba partlamasyndan 64 adam ölüpdi. Şondan soňraky hepdelerde Wolgo-Donsk şäherinde ýene-de iki sany ýaşaýyş jaýynda bomba partlady we 130-den gowrak adamynyň ölümine sebäp boldy. dört sany partlamada 300-den gowrak adamyň ömür tanapy gyryldy.

Sekiz ýyllap prezidentlik kürsüsinde oturan Putin häzir premýer-ministr bolup otyr, ol ýurdy awtoritar döwlet düzgünine boýun etdi.

Putin söz beripdi

Partlamar bolan wagty prezident B.Ýeltsin premýer-ministr edip, ýaňy W.Putini belläpdi.
Häkimiýetler partlamalarda dahyly barlykda çeçen gozgalaňçylaryny aýypladylar. Şol wagt prezident B.Ýeltsin premýer-ministr edip, ýaňy W.Putini belläpdi. Şonda Putin, nirede gizlenseler-de, çeçen pitneçileriniň ýok ediljegini söz beripdi.

«Aeroportda bolsun ýa-da hajathanada, ele düşen ýerinde biz olary ýok ederis» diýip, Putin nygtapdy.

Syýasy analitik Wladimir Pribilowskiý bombalaryň partlamagy prezidentiň administrasiýasyna öňden onçakly tanalmaýan bir býurokratyň gelmegine esas döredip bildi diýýär. «Hiç kimiň tanamaýan we garaňky geçmişi bolan birini premýer-ministr edip getirmek bilen ýagdaýy üýtgetdiler. Putiniň ýeňiş gazanmagyna iki zat sebäp boldy: birinjisi, bombalar, beýlekisi bolsa, hajathana sözünden peýdalanmagy» diýip, bu analitik ýörite belleýär.

Federal Howpsuzlyk Gullugy

1999-njy ýyldaky bomba partlaýyşlar bilen Günorta Orsýetden alty sany musulman günälenip, türme tussaglygyna höküm edildi, ýöne bu mesele henize-bu güne çenli çözülenok. Käbir tankytçylar bolsa, bu wakalaryň Federal Howpsuzlyk Gullugy ýa-da FSB tarapyndan gurnalandygyny öňe sürdüler.

Ejeleri Moskwadaky partlamada wepat bolan iki aýal doganyň aklawjysy Mihail Trepaşkin, bu mesele bilen işiň sudda diňlenişiginden biraz öň, maşynynyň polisiýa tarapyndan togtadylandygyny aýtdy.

“Olar iki gezek meniň maşynymy barladylar, hiç zat tapmadylar. Maşynyň gapysyny ýapan mahalynda içinde sapança bolan sumakany maşyna taşladylar, bu meňki däl diýdim, meniň edip biljek işim ýokdy, şol sebäpden men 4 ýyl, 1 aý, 8 gün agyr türme tussaglygyna höküm edildim, gynaldym hem kemsidildim” diýip, rus aklawjysy aýdýar.

Geçen ýyl aýal doganlar Tatýana we Alýona Morozowa prezident D.Medwedewe ýazan açyk hatynda: «Biz ejemiziň hem goňşularymyzyň syýasatyň pidasy bolandyklaryna ynanmaly bolduk, diňe hakyky derňew biziň bu garaýşymyzy üýtgedip biler” diýip ýazypdyrlar.
XS
SM
MD
LG