Sepleriň elýeterliligi

Ystambulda sil heläkçiligi boldy


Türkiýäniň Ystambul şäherinde düýnden bäri dowam edýän sil heläkçiliginde azyndan 20 töweregi adamyň ölendigi barada maglumat alyndy. Bu barada şu gün Ystambulyň gubernatory Muammer Güler habar berdi.

Habarçylara beren interwýusynda Muammer Güler üstümizdäki hepdäniň dowamynda bu regionda agyr ýagynyň dowam eder diýlip garaşylýandygyny, şoňa görä-de sil heläkçiligine garşy durmak üçin çäreleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda dowam edýän güýçli ýagyn düýn bu regionda sil heläkçilikleriniň ýüze çykmagyna getirdi. Bu sil heläkçiligi Ystambul şäherinde ýüzlerçe jaýlaryň we transport ýollarynyň weýran bolmagyna sebap boldy.
XS
SM
MD
LG