Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky saýlawlaryň 90%-niň netijesi yglan edildi


Hepdäniň sişenbe güni Owganystanyň garaşsyz Saýlaw komissiýasy saýlaw uçastoklaryndan 90 prosentine golaýynda geçirilen ses sanawlarynyň netijelerini yglan etdi.

Komissiýanyň maglumatyna görä, şol sanalan seslerden 54 prosentden gowragyna ýurduň häzirki prezidenti Hamyt Kerzeý eýe bolupdyr. Saýlawlardaky onuň esasy bäsdeşi, ýurduň ozalky Daşary işler ministri Abdylla Abdylla sesleriň 28 prosentine golaýyna eýe bolupdyr.

Ýöne bu wakalar bilen bir wagtyň özünde, saýlawlar boýunça şikaýatlara garaýan ýörite Komissiýa bu prezidentlik saýlawlarynda giň gerimde galplyklara ýol berlendigini görkezýän aýdyň subutnamalaryň bardygy barada beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG