Sepleriň elýeterliligi

Ysraýlyň premýer-ministri Russiýa sapar etmändir


Şu gün Orsýetiň hökümeti Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahuwyň Moskwa gizlin sapar edendigi barada ýaýradylan maglumaty ret edip, beýanat ýaýratdy.

Bu wakanyň öňýany Ysraýylyň «Ýediot Ahronot» atly gündelik gazýeti şu hepdäniň duşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministriniň Moskwa gizlin sapar edip, Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedýew hem-de premýer-ministri Wladimir Putin bilen Orsýetiň Eýrana we Siriýa ýarag satmak meselesi bilen baglanyşykly gepleşik geçirendigi barada maglumat ýaýradypdy.

Ysraýylyň häkimiýetleri indi köp ýyllardan bäri Orsýeti Eýrana «ýer-howa» kysymly raketa komplekslerini satmazlyga çagyryp gelýärler. Ysraýyl şeýle raketalary Eýranyň öz ýadro nokatlarynyň töwereklerinde gorag hökmünde ýerleşdirmeginiň mümkindigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG