Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musawiniň baş maslahatçysy tussag edildi


Düýn Eýranyn howpsuzlyk gulluklary ýurduň oppozisiýa liderlerinden biri Mir Husseýin Musawiniň baş maslahatçysy Ali Reza Beheştini tussag etdiler.

Ali Reza Beheşti iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen gurnalan demonstrasiýalarda protestçileriň köpçülikleýin tussag edilmegi bilen baglanyşykly wakalary derňeýän oppozisiýa komissiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Hepdäniň sişenbe güni ýurduň beýleki bir oppozisiýa lideri Mehdi Karrubiniň hem Tährandaky ofisine reýd geçirilip, onuň ofisinden kopsanly dokumentler konfiskasiýa edildi. Şol gün hem Mehdi Karrubiniň komekçisi Morteza Alwiriniň-de tussag edilendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG