Sepleriň elýeterliligi

Gazadaky ýitgiler barada hasabat ýaýradyldy


Şu gün düýbi Ysraýylda ýerleşýän «B’Tselem» atly ynsan hukuklaryny goraýjy gurama şu ýylyň başynda Ysraýylyň Gaza Sektorynda geçiren hüjümlerinde parahat ilatyň çeken ýitgisi barada ýörite hasabat ýaýratdy.

Bu hasabata görä, Ysraýylyň harbylarynyň Palestinanyň Gaza Sektorynda geçiren şol harby operasiýalarynyň dowamynda ölen 1400-e golaý palestinlilerden ýarsyndan gowragy parahat ilatyň wekilleri. Şolardan 252-si 16 ýaşdan kiçi çagalar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy bu guramanyň birnäçe aýyň dowamynda geçiren barlaglary ýesasynda taýýarlan bu hasabatyndaky görkezijiler Ysraýylyň resmilerinin parahat ýaşaýjylardan az ýitgileriň bolandygy baradaky resmi beýanatlaryna garşy gelýär.
XS
SM
MD
LG