Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Owganystan barada çykyş etdi


8-nji sentýabrda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýurduň parlamentinde çykyş edip, öz ýurdunyň Owganystan meselesi boýunça alyp barýan syýasatyny gorady.
8-nji sentýabrda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýurduň parlamentinde çykyş edip, öz ýurdunyň Owganystan meselesi boýunça alyp barýan syýasatyny gorady.
8-nji sentýabrda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýurduň parlamentinde çykyş edip, öz ýurdunyň Owganystan meselesi boýunça alyp barýan syýasatyny gorady.

Bu çykyşa 4-nji awgustda Owganystanyň Gunduz welaýatynda iki sany içi ýangyçly awtosisternany oka tutmak buýrugynyň Germaniýanyň komandowaniýasy tarapyndan berlendigi sebäp boldy.

70-e golaý asuda ýaşaýjylar öldürildi

“Owganystanyň Hukuk monitory” atly adam hukuklary boýunça garaşsyz guramanyň beren maglumatlaryna görä, Çar Dara etrabynda bolup geçen bu wakada 70-e golaý asuda ýaşaýjylar öldürilipdir. Owganystanyň we NATO-nyň resmileri bu hadysada 56 pitneçiniň öldürilip, 12-niň ýaralanandygyny habar berdiler.

Düýn deputatlaryň öňünde eden çykyşynda Angela Merkel, bu waka bilen baglanşykly gaty köp dürli maglumatlar peýda bolandygyny aýtdy. “Hususan-da, pida bolanlar barada köp maglumat berilýär. Biz bu zatlary doly anyklaşdyrmaly. Mundan başga men göni bir zady aýdasym gelýär. Owganystanda öldürilen her bigünä adam biz üçin gaty uly ýitgidir” diýip, Merkel belledi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý 7-nji sentýabrda Fransiýanyň “Le Figaro” gazetine beren interwýusynda Gunduz welaýatynda bu wakanyň ýüze çykmagyna German harbilarynyň ýagdaýa baha bermekdäki ýalňyşlyklarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Germaniýa harbylaryny goraýar

Emma Germaniýa öz harbylarynyň bu kararyny gorap çykyş etdi. Şol bir wagtda-da Berliniň öz goşunlaryny Owganystandan çykaryp başlamagynyň ýollaryny agtarýana meňzeýär.

Sebäbi parlamentde eden çykyşynda Angela Merkel German goşunlarynyň Owganystanda öz borçlaryny ýerine ýetirip gelýändigini aýdyp, şol bir wagtda-da howpsuzlyk meselesi boýunça jogapkärçiligi Owgan hökümetine geçirmek babatda halkara konferensiýanyň geçirilmegini teklip etdi.

Bu baradaky inisiatiwa 6-njy sentýabrda Berlinde geçirilen metbugat konferensiýasynda Germaniýanyň hem Britaniýanyň premýer-ministrleri tarapyndan yglan edilip, bu halkara konferensiýanyň Fransiýanyň prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljekdigi aýdyldy.

27-nji sentýabrda Germaniýada geçirilmeli ählumumy saýlawlaryň önüsyrasynda ýüze çykan bu waka nemis jemgyýetinde owgan urşy bilen bagly ýiti diskussiýalary döretdi.

Berlinde ýerleşýän Halkara gatnaşyklary boýunça german geňeşiniň howpsuzlyk syýasaty boýunça experti Henniň Riecke Angela Merkeliň parlamentde çykyş etmegine jemgyýetde owgan urşy bilen bagly aladalaryň artýandygynyň sebäp bolandygyny radiomyza beren interwýusynda aýtdy.

“Owganystandaky ýagadaýa täzeden garamak zerurlygynynyň dörändigi mälimdir. Sebäbi Owganystandaky ýagdaý gaty ýaramaz. Eger missiýanyň durnuklylygy ornaşdyrmak bilen bagly bölegi başa barmasa, onda missiýanyň esasy maksady bolan - terrorçylyga garşy göreşmek meselesi-de manysyny ýitirýär” diýip, ekspert radiomyza beren interwýusynda öz pikirini beýan etdi.

Uly goşunlaryň biri

4200 esgerden ybarat Germaniýanyň harby goşunlary ABŞ-nyň hem Britaniýanyň goşunlaryndan soň, NATO-nyň ýaranlyk güýçlerinde gulluk edýän iň uly goşun bolup durýar. Germaniyanyň ilatynyň dörtden üç bölegi öz goşunlarynyň Owganystanda hereket etmegine garşy cykyş edýärler.

Ýöne muňa garamazdan, Berlinde ýerleşýän Halkara gatnaşyklary boýunça german geňeşiniň howpsuzlyk syýasaty boýunça eksperti Henniň Rieke Owganystanda durnuklylygy ornaşdyrmak we ýurdy gaýtadan dikeltmek meselesinde german goşunlarynyň oýnaýan rolunyn möhümdigini aýdýar.

Saýlawlaryň öň ýanynda Owgan meselesiniň gozgalmagy bolsa, Angela Merkeliň ýolbaşçylyk edýän Hristian demokratik birleşigi partiýasynyň garşydaşlaryna bu partiýany tankytlamaga goşmaça mümkinçilik döredýär diyip, ekspert aýdýar.
XS
SM
MD
LG