Sepleriň elýeterliligi

Maşgala zorlugyna garşy liniýa açyldy


Tuhbatullin: "Halkara guramalaryň hukuk meselesinde Türkmenistana berýän kömekleriniň netijeliligi türkmenistanly graždanlaryň özleriniň aýgytly karara gelmegine-de bagly."

Tuhbatullin: "Halkara guramalaryň hukuk meselesinde Türkmenistana berýän kömekleriniň netijeliligi türkmenistanly graždanlaryň özleriniň aýgytly karara gelmegine-de bagly."

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanda maşgala zorlugynyň meseleleri boýunça gyzgyn liniýa açdy.

Maşgala zorlugy näme? Halkara guramanyň ýurtda şeýle liniýa açmagyna nähili sebäpler bar? Türkmen jemgyýetiniň swilizlenen jemgyýete öwrülmeginde ilat köpçüliginiň dürli hukuklaryny goramakda täze ädilen ädim nähili rol oýnar?

“Her hepdede alty gün ýarym günüň dowamynda maşgala zorlugy bilen bagly jaňlary ýerli jemgyýetçilik guramalaryň biriniň konsultantlary kabul eder. Jaň edilmeli telefonlaryň nomerleri reklama kagyzlarynyň üsti bilen ýaýradylar” diýlip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň metbugat beýanatynda bellenilipdir.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Arsim Zekoli şeýle diýipdir: “Gyzgyn ýa-da gyssagly liniýa maşgala zorlugynyň pidalaryna kömek berer, maşgala zorlugynyň garşysyna göreş hem onuň öňüni almagyň zerurlygy barada maglumatlaryň derejesini mundan beýläk ýokarlandyrmaga ýardam eder”.

Türkmen jemgyýetinde maşgala zorlugynyň hakykatdan-da bardygyny, onuň köplenç maşgalanyň ykdyysady ýagdaýynyň pesligi, neşekeşlik, işsizlik ýaly sosial hadysalar bilen bagly ýüze çykýandygyny, onuň maşgala betbagçylygyna, dürli dawa-jenjellere sebäp bolýandygyny Aşgabatdan žurnalist Aşyrguly Baýryýew aýtdy. “Gyzylarbatda üç-dört ýyllykda bir oglana ejesi hemişe neşe puluny berip durýan eken. Ol soň köpräk pul talap eden bolmaly. Ejesi oňa: “Oglum, onça pul berip biljek däl” diýende, aýdyşlaryna görä, ol ejesiniň damagyny çalypdyr. Şeýle ýagdaýlar, şeýle faktlar az bolsa-da, garaz, duş gelýär”.

Aýal-gyzlaryň, çagalaryň dilegçilige mejbur edilýän halatlarynyň bardygyny, onuň maşgalada bir döwüm çörek ýoklugy üçin däl-de, neşekeş atanyň ýa doganyň awulygy üçin bu işe ugradylýandygyny žurnalist nygtady.

Täze ädim

“Maşgala zorlugyna sezewar bolýanlar üçin täze açylan gyzgyn ýa gyssagly liniýa maşgalada aýallaryň, çagalaryň hukuklaryna goldaw bermekde täze ädim” diýip, Şwesiýada emigrasiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow aýtdy. “Bu ilkinji hem gutlanylmaly ädim diýip, hasap edýärin. Şunuň ýaly liniýalar, guramalar, bölümler Türkmenistanda näçe köp açylsa, şonça-da adam hukuklaryna tarap ädilýän ädim diýse bolar”.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bu meseläniň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin aktual meseledegini, maşgalada hukuk meselesini köpleriň bilmeýändigini nygtap, maşgala zorlugy meselesinde milli mentalitetiň aýratynlyklaryny-da hasaba almagyň gerekedigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmenler maşgaladaky dawalary, oňşuksyzlyklary öýden daşary çykarmagy halamaýar. Tä iň soňky derejesine baryp ýetýänçä, ene-de, çagalaram çydaýarlar. "Täze liniýanyň açylmagy bilen aýallar ýa çagalar telefon üstüne telefon, şikaýat üstüne şikaýat eder diýmek kyn. Olar ýakyn garyndaşlaryna ýüz tutanlaryny, dawany şolaryň çözenini gowy görýärler . Şol bir wagtda-da adam hukuklaryny goraýjynyň sözlerine görä, köp ýurtda bar bu problema bilen meşgullanmak zerur, ol şol ýurtlarda netije-de berýär."

Türkmenleriň milli mentaliteti

Türkmenleriň milli mentaliteti meselesinde žurnalist A. Baýryýew hem adam hukuklaryny goraýjynyň pikirleri bilen ylalaşýar. “Türkmen maşgalalaryndan-a şol täze liniýa Türkmenistanyň içinde köp ýüz tutmazlarmyka diýýärin. Sebäbi türkmen halkynyň, milletiniň bir mentaliteti bar. Köplenç şol meseleleri maşgalanyň öz içinde saklaýarlar. Elbetde, bu işem bir synap görmeli”.

Ony diňe bir synamak bilen çäklenmän, bu täzeligi türkmen jemgyýetine ornaşdyrmagyň zerurdygyny türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow aýdýar. Çünki Skandinawiýa ýurtlarynda çagalara hukuklary çagalar bagyndan öwredilip başlanýar.
ÝHHG-niň açan liniýasy belli bir derejede adamlary swilizlenen dünýäniň çözgütlerine tarap çekip biler.


“Onuň bozulan halatynda her bir kommunada, häkimlikde hereket edýän ýörite guramalar bar, şolaryň telefonlary mekdeplerde asylgy dur, şolara çaga jaň eden güni şol sagatda çagany alyp gidýärler ene-atanyň öýünden. Soňra çaganyň görkezmesi esasynda kim bolaýsyn, tapawudy ýok, ol jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. Şol bir wagtda-da çaganyň erkin, howpsuz ýaşaýşyny döwlet üpjün edýär, islese ol çaga çagasyz maşgalada ýaşap bilýär ýa döwlet oňa eklenç üçin maliýe serişdesini hem ýaşaýyş jaýyny berýär” diýip Söýünow aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Farid Tuhbatullin halkara guramalaryň hukuk meselesinde Türkmenistana berýän kömekleriniň netijeliligi türkmenistanly graždanlaryň özleriniň aýgytly karara gelmegine-de bagly diýen pikiri öňe sürdi.

Aşgabatly žurnalist A. Baýryew ÝHHG-niň täze resmi taýdan açan liniýasynyň türkmen jemgyýetini swilizlenen jemgyýete tarap çekip biljekdigini aýdýar. “ÝHHG-niň açan liniýasy belli bir derejede adamlary swilizlenen dünýäniň çözgütlerine tarap çekip biler”.

“ÝHHG-niň goldamagy bilen amala aşyrylýan şu proýektiň çäklerinde maşgala zorlugynyň pidalaryna hukuk meseleleri boýunça mugt konsultasiýalar berler hem psihologik ýardam ediler. Programmanyň planynda, şeýle-de, maşgala zorlugy barasynda maglumatly bolmagy ýokarlandyrmak maksady bilen jemgyýetçilik üçin seminarlar geçirmek göz öňünde tutulýar” diýip, Trend news agentligi ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG