Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 1284 tussagyň günäsi geçildi


Şu gün «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Gadyr gijesininň hatyrasyna tussaglaryň gunäsini geçmek barada ýörite permana gol çekendigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi saýtynyň maglumatynda, bu permanyň esasynda 1284 tussagyň günäsiniň geçilip, azatlyga goýberlendigi habar berilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanda yglan edilýän günä geçişliklerde 2002-nji ýylyň noýabr wakasy bilen baglanyşykly köpçülikleýin tussag edilen adamlaryň, şeýle hem syýasy tussaglar diýlip hasaplanylýan adamlaryň günäsi geçilýänleriň sanawyna goşulmaýandygyny belläp, bu ýagdaýy tankytlap gelýärler.
XS
SM
MD
LG