Sepleriň elýeterliligi

Dollaryň hümmeti iň pes derejesine düşdi


 Dollar üstümizdäki hepde özüniň iň pes derejesine düşüp, bir ýewro 1.45 dollara bardy.

Dollar üstümizdäki hepde özüniň iň pes derejesine düşüp, bir ýewro 1.45 dollara bardy.

Bir ýyl mundan ozal Birleşen Ştatlaryň söwda banky Lehman Brothersiň çökmegi bilen güýçli maliýe krizisine ýol açyldy.

Onuň yzysüre dörän garma-gürmelikde “utujylaryň” biri dollar boldy. Sebäbi maýa goýujylar howplurak görnen bazarlardan çekilip, belli bir derejä çenli durnukly hasaplanylýan amerikan puluna ýapyşdylar. Ýewro aşaklap, 1.25 dollara geldi.

Ýöne indi welin, terslin proses başlandy. Dollar üstümizdäki hepde özüniň iň pes derejesine düşüp, bir ýewro 1.45 dollara bardy. Geň galdyrýan zat - synçylaryň we söwdagärleriň bu ýagdaýy düşündirmekde “optimizm” ýaly sözleri ulanýandygy. Diýmek, ykdysadyýetiň dikelerine umytly garalýar.

“Biz peseliş bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Töwekgelçilikli baýlyklardan dynyp, dollary goramak üçin göçümler edildi. Indi rahatlyk bilen dem almaga başladyk. Maýa goýujylar hem söwdagärler ykdysadyýetiň barýan ugruna oňaýly garaýarlar. Germaniýa, Fransiýa hatda Beýik Britaniýanyň hem ykdysady durgunlykdan basym çykaryna garaşylýar. Şu wagt gaty köp oňaýly habarlar bar” diýip, Londondaky CMC bazarlarynyň işgäri Jeýms Hages aýdýar.

Goýumçylaryň töwekgellige taýynlygy olaryň düşewindi köpräk ýerlerde maýa goýmaklaryna sebäp bolýan ýagdaý. Mundan daşgary öňki hepdäniň ahyrynda G-20 toparynyň resmileriniň ykdysadyýetlerini maliýe taýdan goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşmagy-da, maýa goýujylara rahatlyk berdi.

Çykyş strategiýalary

“Bu çykyş strategiýalary ir amala aşyrylyp, ykdysadyýetiň dikelmegi howp astyna düşer diýen gorkyny aradan aýyrdy” diýip, Londondaky BNP Paribas bankynyň işgäri Ian Stannard belleýär.

Bu “çykyş strategiýalarynda” käbir ýerlerde merkezi banklaryň prosentlerini häzirki pes derejesinden galdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýöne Birleşen Ştatlaryň merkezi banky bu işi eder öýdülip garaşylanok. Dollaryň gowşaklygyna sebäp bolýan faktorlaryň hem biri şol. Altynyň bahasyny ýokarladyrýan bolsa, dollaryň gowşaklygy, şeýle hem hökümetiň edýän çykdajylary inflýasiýa getirer diýen gorky. Üstümizdäki hepde altynyň bir unsiýasy 1000 dollardan aşdy.

Stannardyň aýtmagyna görä, altynyň bahasyny ýokarlandyran ýene bir faktor-da, ony öňünden bellenen bahadan satmaklygyň üýtgedilendigi. Bu iş altyn öndürýänlere belli bir bahany kepillendirýär. Ýöne bu şol bir wagtyň özünde-de olaryň ýokarlaýan bahadan peýdalanyp bilmejekdiklerini aňladýar.

“Altyn öndürýänler bu netijeleriň käbirini bazardan aýyrdylar. Bu hem bahanyň galmagyna sebäp boldy. Ýöne bu proses tamamlanyp gelýär” diýip, Stannard aýdýar.

Hagesiň garaýşyça, dollaryň hümmeti gysga möhletleýin peselip, ýewro 1.47 ýa 1.50 dollara barar. Stannard bolsa munuň tersine bolmagyna garaşýar. Onuň pikiriçe, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli ýewro aşaklap 1.35, 2010-njy ýylyň ortlaryna çenli hem 1.25 dollara geler.
XS
SM
MD
LG