Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunlar kimiň bähbidini goraýar?


Şu ýylyň sekiz aýynda Mejlis 40-dan gowrak kanundyr kanunçylyk aktlaryny kabul etdi.
Şu ýylyň sekiz aýynda Mejlis 40-dan gowrak kanundyr kanunçylyk aktlaryny kabul etdi.
Kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi barasynda Türkmenistanyň resmi doktrinasy diňe bir ýurduň graždanlaryna däl, başlyklyk ediji býurokratiýa-da gönükdirilýär. Şonuň bilen bagly täze kanunlaryň kabul ediliş prosesinde kanunlara taýýarlyk görmegiň we kabul etmegiň ähli basgançaklarynyň möhümdigi öz-özünden düşnüklidir. Şol kanunlar nämä gönükdirilen? Olar kimiň bähbidini goraýar?

Türkmen parlamentiniň dördünji çagyrylyş birinji mejlisinde Nyýazowdan soňky iki ýarym ýylyň içinde 170 gowrak kanunyň we kanun aktlarynyň kabul edilendigi bellenipdi. Şu ýylyň sekiz aýynda Mejlis 40-dan gowrak kanundyr kanunçylyk aktlaryny kabul etdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini ýerli köpçülikleýin habar serişdeleri nygtaýarlar. Onuň eýýäm ýurtda demokratik proseslere itergi berendigi baradaky tassyklamalar häli-şindi gaýtalanýar.

Täze kanunlaryň peýda bolmagyny iş ýüzünde, hakyky durmuşda ýönekeý adamlar nähili duýýarlar? Şol kanunlaryň durmuşa ornaşmagyna gözegçiligi kim amala aşyrýar?

Diňe bir ýönekeý graždanlaryň däl, tutuş dolandyryjy býurokratik apparatyň kanuna boýun bolmagynyň bir gyradeňligi Türkmen ýolbaşçylary üçin näderejede möhüm? Adam hukuklaryny goramak bilen bagly kanunlaryň işlemegi ýurduň tutuş dolandyryş sistemasynyň üsti bilen döwlet häkimiýetiniň ony gurnaýşyna we hakykat ýüzünde ornaşdyryşyna bagly.

Aşgabatda, ähli welaýatlarda hem etraplarda Mejlisiň kabul eden kanunlaryny dolandyryjy elitanyň berjaý edişine yzygiderli gözegçilik etmäge kim gatnaşýar?

Wagtal-wagtal bellikleri prezidentiň özi edýär. Uly prezident apparaty elinde bolanda-da, kanuna boýun bolmak, demokratik prinsipleri yzygiderli dowam etdirmek ýaly işleriň gidişinde dolandyryjy sistemany onuň bir özi barlap bilermi? Sansyz uly güýç ulanyjy gurluşlaram şol hyzmaty ýerine ýetirip bilmezler.

"Kanunlaryň hereket etmegi gerek"

Diňe bir gowy kanunlaryň bolmagy ýeterlik däl, şol kanunlaryň ýerlerde hereket etmegi gerek. Muny barlamak üçin degişli sistemanyň ornaşdyrylmagy bilen bagly problemalar diňe bir Türkmenistanda däl, başga ýerlerde-de ençeme gezek ýüze çykypdy. Garaşsyz, hökümete degişli däl guramalary hem jemgyýetçilik birleşiklerini bu işe çekmezden, dünýäde hiç bir häkimiýet bu wezipäniň hötdesinden gelip bilmändi, muny dünýä praktikasy açyk görkezdi.

Sözüň şu manysynda bu iş üçin garaşsyz sudlaryň hem garaşsyz köpçülikleýin habar serişdeleriniň bolmagy örän möhüm. Şol ýagdaýda türkmenleriň belet zatlary - garyndaşparazlyk, korrupsiýa, tireler arasyndaky gapma-garşylyk, diktatorlyk erk-islegiň, bir adamyň diýdimzorlugynyň peýda bolmagy ýaly islendik kanuny ýoga çykarýan hadysalaryň jemgyýetde saklanmagy, ýaşamagy dowam etdirmegi kynlaşýar, olara ýol galmaýar.

Häkimiýetdäki şunuň ýaly gyşarmalar bilen ýolbaşçylar göreşip bilermi? Eýse, olar öz garşysyna nähili göreşer?

Kanunlar başlyklaryň özlerini aman saklamagy üçin däl-de, jemgyýetiň özüni saklamagy üçin anyk gural dälmi? Eger şeýle bolýan bolsa, kanunlaryň nähili işleýändigine gözegçilik etmek jemgyýete gerek dälmi? Eger kanunlaryň kagyz ýüzünde galmagyny hakykatdan-da islemeýän bolsa, häkimiýetler şeýle mümkinçiligi döretmeli dälmi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG