Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskide protestçiler tussag edildi


Öten agşam «Roýters» habar agentligi Belarus bilen Orsýetin harbylarynyň bilelikde harby türgenleşik geçirmeklerine garşy protest bildirip, Minsk şäheriniň köçelerine çykan protestçilerden 20-den gowragynyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigini habar berdi.

Günbatara tarapdar belorussiýaly protestçiler Orsýetiň harbylarynyň Belarusyň territoriýasyna goýberilmeli däldiklerini we Belarusyň Günbatar bilen hyzmatdaşlyklarynyň has ösdürilmelidigini öňe sürýärler.

Bu waka bilen baglanyşykly Minskide gurnalan demonstrasiýada protestçiler «Rus goşunlary öýňüze gidiň», «Rus okkupasiýasyna ýol berilmez» diýen ýaly ýazgylar ýazylgy plakatlary göteripdirler.
XS
SM
MD
LG