Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Saýlawlardan soňky protestlerde 36 adam öldi


Şu gün Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň komanduýuşisi Abdollah Araghi prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen geçirilen protest çykyşlary wagtynda jemi 36 adamyň ölendigini aýtdy.

Eýranyň reformaçy «Etemad» gazýetine beren bu baradaky interwýusynda Abdollah Araghi bu adamlardan üçüsiniň Tähranyň «Kahrizak» türmesinde ölendigini mälim etdi.

Mundan öň Eýranyň häkimiýetleri protest çykyşlarynda ölenleriň sanynyň takmynan 30 töweregidigini aýdypdylar.

Emma oppozisiýa toparlary ölenleriň jemi sanynyň 72-digini öňe sürýärler.
Iýul aýynda Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatolla Aly Hameneýi Tähranyň «Kahrizak» türmesindäki eden-etdilikler barada habarlaryň köpelmegi bilen, bu türmäniň ýapylmagyna görkezme beripdi.
XS
SM
MD
LG