Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Daglyk-Garabagda atyşyk boldy


Şu gün Azerbeýjanyň habar serişdeleri ýurduň separatistik regiony bolan Daglyk-Garabag regionynyň golaýynda ýüze çykan ikitaraplaýyn atyşyklarda azyndan dört sany ermeni esgeriniň ölendigini habar berdiler.

Ýöne bu barada Azerbeýjanyň hökümetem, Ermenistanyň hökümetem häzire çenli hiç hili resmi maglumat ýaýratmady.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, atyşyklar Daglyk-Garabagyň Agdam raýonynda ýüze çykypdyr. 1990-njy ýyllaryň başlarynda Azerbeýjanyň Daglyk-Garabag regionynda ýaşaýan etniki ermeniler Ermenistanyň ýardam bermeginde Azerbeýjanyň kontrollygyna garşy ýaragly söweş alyp barypdylar. Şonda, statistiki maglumatlara görä, taraplaryň ikisindenem jemi 30 000 töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG