Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň özbaşdaklygyny ykrar etdi


Şu gün Orsýete sapara baran Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez öz ýurdunyň Günorta Osetiýa bilen Abhaziýanyň özbaşdaklygyny ykrar edýändigini aýtdy.

Hususan-da, Hugo Çawez Orsýetiň prezidenti Dimitriň Medwedýew bilen duşugynda şu günden başlap Wenesuelanyň Günorta Osetiýany we Abhaziýany özbaşdak, garaşsyz döwletler diýip hasaplajakdygyny belledi.

Geçen ýylyň awgustynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda ýüz beren ýaragly konfliktleriň yzy bilen Moskwa Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany özbaşdak döwletler diýip yglan edipdi.
Şondan soň şu günki güne çenli bu regionlaryň özbaşdaklygyny diňe Nikaragua ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG