Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki sil heläkçiliginde 31 adam öldi


Türkiýänin demirgazyk-günbatar regionynda dowam edýän sil heläkçilikleriniň netijesinde azyndan 31 adamyň ölup, sekiz adamyň hem dereksiz ýitendigi habar berilýär.

Türkiýäniň habar agentlikleri diňe ýöne Ystambul şäheriniň özünde sil heläkçiliginde azyndan 24 adamyň ölendigini habar berýärler.

Käbir synçylar Ystambul şäheriniň käbir ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň resmi taýdan planlaşdyrylmazdan we rugsatsyz gurulmagynyň ýitgileriň geriminiň has-da uly bolmagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Iki gün mundan öň başlanan bu sil heläkçiligi ýüzlerçe jaýlaryň we transport ýollarynyň weýran bolmagyna getirdi. Bu tebigy hadysa sebäpli Türkiýe bilen Gresiýanyň we Bolgariýanyň arasyndaky gury ýer transport gatnawlary wagtlaýynça togtady.
XS
SM
MD
LG