Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabatda halkara ylmy forum açyldy


Aşgabatda “Ylym we bilim täze galkynyş eýýamynda” at bilen Halkara ylmy konferensiýa hem halkara sergi öz işine başlady.

Aşgabatda “Ylym we bilim täze galkynyş eýýamynda” at bilen Halkara ylmy konferensiýa hem halkara sergi öz işine başlady.

Aşgabatda “Ylym we bilim täze galkynyş eýýamynda” at bilen Halkara ylmy konferensiýa hem halkara sergi öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylara ýollan ýüzlenmesinde Türkmenistanyň prezidenti: “Biziň şu gün esasy maksatlarymyzyň biri ösüşiň täze belentliklerine tarap ýolda esasy daýanç hökmünde ylmy we bilimi kämilleşdirmek” diýdi.

Döwlet baştutany öz ýüzlenmesinde ylmy, bilimi ösdürmek, ýokary hünärli kadrlary ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeleriñ goýberilýändigini, bu ugurdan ösüşi dünýä ylym-bilim sistemasy bilen berk aragatnaşykda görýändigini belläpdir. Türkmenistanyň bilim sistemasynda nähili öňegidişlikler hem çözülmeli meseleler bar?

Öňegidişlikler we çözülmeli meseleler

Türkmenistanyň prezidentiniň ýüzlenmesinde bellemegine görä, ulanmaga berilýän täze okuw jaýlary iň soňky häzirki zaman tehnikasy, tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir, internete birikdirilipdir. Aşgabatly mugallym paýtagtyň mekdeplerinde hakykatdan-da internetiň işleýändigini, öň halkara guramalaryň merkezlerindäki internetden peýdalanmaga barýan okuwçylaryň sanynyň indi gaty azalandygyny, öz okaýan mekdeplerinde internetden peýdalanýandyklaryny aýtdy.

Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew şeýle diýdi: “Welaýat merkezinde täze gurlan mekdepleriň hemmesinde diýen ýaly internet işläp dur. Şol mekdepleriň ählisi bilim bermegiň häzirki zaman tehnologiýasy, multimediýa tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Täze usullar bilen bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilen şol mekdeplerde”.

“Internetiň mekdeplere barmagy bilim ugrundaky ähli problemanyň çözülendigini aňlatmaýar. Häkimiýetler bilim sistemasynda reformalar barasynda gürrüň
Internetiň mekdeplere barmagy bilim ugrundaky ähli problemanyň çözülendigini aňlatmaýar.
edýärler. Emma mugallymlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň goşgularyny okuwçylara öwredýärler, okuw kitaplary onuň sitatalaryndan doly. Täze galkynyş hem düýpli reformalar barada gürrüň ediljek bolsa, şu meselelere baş galdyrmak, oňa ýaňadan seretmek gerek” diýip, aşgabatly mugallym nygtady.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bu barasynda şeýle diýdi: “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy pylan zat barasynda pylan diýipdir diýip, 10-15 sitata bar taryh, jemgyýeti öwreniş, edebiýat kitaplarynda-da, türkmen dilinden okuw kitaplarynda-da. S.Türkmenbaşynyň goşgularyndan bölekler bar, döredijiligi aýrylmandyr mekdeplerden.”

“Her bir okuw kitaby S.Nyýazowyň suraty bilen açylýar. Okuw kitaplary Bilim ministrligi tarapyndan bäş ýyllyk möhlet bilen synag kitaby hökmünde çap edilýär, olaryň mazmuny hem poligrafiýa taýdan hili gaty pes” diýip, aşgabatly mugallym aýtdy. Onuň sözlerine görä, beýleki ýurtlaryň kämil okuw kitaplaryndan terjime etseler, ony biraz öz şertlerimize ýakynlaşdyrsalar, häzirki ýaly bulaşyklyklar, ýalňyşlyklar köp bolmazdy.

G.Berdimuhamedow Aşgabatda geçýän Foruma gatnaşyjylara ýüzlenmesinde ýene şeýle ýazýar: “…Aşgabatda, beýleki şäherlerde we obalarda orta mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň gurluşygy, ýokary mekdeplerde täze fakultetleriň açylmagy, studentleriň sanynyň artmagy, dürli programmalaryň we proýektleriň durmuşa geçirilmegi biziň tagallalarymyzyň göze görnüp duran ajaýyp miweleridir.”

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, diňe täze mekdep binalary göz öňüňde tutulýan bolsa, ýüzlenmede aýdylýan dogry. Ýene-de bir zat: “Käbir fakultetler açyldy, hindi dili fakulteti açyldy, meselem, Diller institutynda. Transport institutynda-da käbir fakultetler ýa-da fakultetiň bölümleri açylypdyr. Ýörite ýokary okuw jaýlary açylanok”.

Studentleriň sany

Ýüzlenmede studentleriň sanynyň artýandygy barasynda-da aýdylypdyp. Ýöne resmi maglumata görä, şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen studentleriň sany 4 200 töweregi. Bu ýerde çözülmeli uly problemalaryň bardygyna ýazyjy A.Bugaýew ünsi çekýär: “Geçen okuw ýylynda Türkmenistanda okuw jaýyny gutaran 115 000 adam. Indi öňki ýyllar gutaryp, okuwa girip bilmän ýörenleri hasap edeniňde, ýarym million adam şu wagt indi bilim almagyň höwesinde. Bolmanda iki-üç ýüz müň adam. Şondan dört müň adam ol bir gaty az. Ýurtda ýaşaýan adamlaryň bir prosentini okuwly etjek bolsak, her ýyl 24-30 müň adam almaly, şonda ýaşaýjylaryň bir prosentini okuwa aldygymyz bolýar her ýyl”.

Aşgabatly mugallym Türkmenistanyň ýokary mekdeplerini gutarýan ýaşlaryň bilim derejesiniň juda pesdigini, muňa-da okuw jaýlarynda bilime däl-de, jemgyýetçilik işlerine gatnaşyga uly üns berilmeginiň sebäp bolýandygyny aýtdy. Heniz Türkmenistanda bilim sistemasynda düýpli reformalar, gazanylan üstünlikler barada gürrüň ederden irdigini, iň esasy zat - bar problemalary köpçülik bolup, habar serişdelerinde açyk maslahat etmegiň zerurdygyny, şonda oňyn çözgütleriň tapyljakdygyny, bu iş üçin syýasy reformalara-da girişmegiň gerekdigini aşgabatly gürrüňdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanda täze asyryň başynda latyn elipbiýine geçilmegi bilen tutuş ýurt boýunça täze problemanyň dörändigini, oňa öňki prezident döwründe-de, häzirem baş galdyrylmandygyny hem galdyrylmaýandygyny ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy: “Meniň çopan hasabym boýunça, bolmanda milletiň 60-70 prosenti okap, ýazyp bilenok, ýaşuly nesil. Şonuň bir aladasyny etmeli”.

G.Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara ýüzlenmesinde ýurduň her bir raýatynyň bagtly geljegiň hatyrasyna ýadaman zähmet çekmelidigi, öz bilim derejesini ýokarlandyrmagyň üstünde alada etmelidigi, hünär ussatlygyny kämilleşdirmelidigi bellendi.
XS
SM
MD
LG