Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede okuw programmasy kürt dilinde bolan fakultet açylar


Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary boýunça merkezi edarasy, okuw programmasy kürt dilinde düzülen bir institutyň açylmagy baradaky ýüzlenmäni kabul etdi.
Ady agzalýan edaranyň yolbaşçysy Yusuf Ziýa Özjan, Mardin Artkulu uniwersitetine kürt dilinde sapak berjek fakultetini açmaga özüniň we bu edaranyň beýleki agzalarynyň rugsat etjekdigini aýtdy.

Kürdistan Işçiler Partiýasyna garşy göreşýän Türkiýede, 1991-nji ýyla çenli kürt dili gadagan bolup, hazirki döwürde hem kabir edaralarda bu dil boýunça girizilen çäklendirmeler dowam edýär.

Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň jemi ilatynyň 17 prosenti töweregini emele getiriýän etniki kürt we beýleki toparlaryň hal ýagdaýyny gowulandyrmagyny Ankaradan talap edip gelýär.
XS
SM
MD
LG