Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krizise garamazdan reforma gecirilipdir


Dünýa möçberinde ýüze çykan maliýe krizisine garamazdan, barlag geçirilen ýurtlaryň dörtden üç böleginde 2008-nji ýylyň iýunyndan 2009-njy ýylyň maýy aralygynda jemi 287 reforma geçirilipdir.
Dünýa möçberinde ýüze çykan maliýe krizisine garamazdan, barlag geçirilen ýurtlaryň dörtden üç böleginde 2008-nji ýylyň iýunyndan 2009-njy ýylyň maýy aralygynda jemi 287 reforma geçirilipdir.
2010-njy ýyl boýunça biznesi alyp barmak babatda çap edilen hasabatda laýyklykda 2008-2009-njy ýyllarda telekeçiligi ösdürmek maksady bilen 131 ýurtda reformalar geçirilipdir. Bu bolsa täze rekord diýlip, Halkara maliýe korporasiýasynyň Bütindünýa banky bilen bilelikde ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

“2010-njy ýylda biznesi ýöretmeklik. Kyn döwürde geçirilýän reformalar” diýlip atlandyrylan bu doklatda barlaglaryň jemi 183 ýurtda geçirilendigi aýdylýär.

287 reforma gecirilipdir

Bu hasabatda berilýän maglumatlara görä, dünýa möçberinde ýüze çykan maliýe krizisine garamazdan, barlag geçirilen ýurtlaryň dörtden üç böleginde 2008-nji ýylyň iýunyndan 2009-njy ýylyň maýy aralygynda jemi 287 reforma geçirilipdir. Bu bolsa, geçen ýylky görkezijilerden 20% ýokary diýlip, habar berilýär.

Telekeçilige amatly şertler döredilen ýürtlaryň arasynda Singapur, ynha indi dört ýylyň dowamynda ilkinji orny eýeläp gelýär. Ikinji orunda Täze Zellandiýa ýerleşdirilipdir. Emma reformalaryň iň aktiw geçirilýän ýurtlarynyň hataryna esasan ösýän ýurtlaryň girýändigi aýdylýar.

Bütindünýa bankynyň maliýe hem hususy pudaklarynyň ösdürilmegi bilen bagly problemalar toparynyň Wise-prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirýän Penelopa Brookyň aýtmagyna görä, bu hili hasabatlar 2004-nji ýylda çap edilip başlaly bäri şu ýyl geçirilen reformalaryň sany iň ýokary bolan ýyldyr.

Reformalaryň iň köp geçirilen regiony

Reformalaryň iň köp geçirilen regiony ýene-de Gundogar Ýewropa bilen Merkezi Aziýa regiony bolandygyny spesialist aýdýar. Ýagny, Bütindünýä bankynyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu regiondaky 27 ýurduň 26-da telekeçiligiň işini aňsatlaşdyrmak ugrunda iň bolmanda bir reformanyň geçirilendigi hasaba alnypdyr.

Bu reformalaryň esasan hususy we beýleki formadaky kärhanalary döretmek we bu baradaky işleri ýöretmek prosesiniň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilipdir. Şeýle-de, bu reformalar emläk hukugyny pugtalandyrmak, kärhanalaryň bankrota üçramagy bilen bagly proseduralary kämilleşdirmek, kommersial dawalary sazlaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alypdyr.

Reformaçy ýurtlaryň ilkinji onlugyna Täjigistan hem Moldowa, Gyrgyzystan, Belarus, Liberiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Ruanda, Makedoniýa hem Kolumbiýa we beýlekiler girýärler.

Bu mesele boýunça barlag geçirilen ýurtlaryň sanawyna Türkmenistan goşulmandyr.

Bu hasabatda barlag geçirilen ýurtlardaky howpsuzlyk, makro-ykdysady durnuklylyk, parahorlygyň ýaýramagy, kwalifisirlenen işgärleriň derejesi hem-de maliýe ulgamynyň durnuklylygy ýaly faktorlara baha berilmedi diýlip, Bütindünýä bankynyň beren maglumatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG