Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň kommunist prezidenti wezipesinden çekildi


Şu gün Moldowanyň kommunist prezidenti Wladimir Woronin özüniň prezidentlik wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iyul aýynda gaýtadan geçirilen Parlament saýlawlarynda Moldowanyň Günbatara tarapdar partiýalaryndan dördüsi Parlamentdäki orunlaryň aglaba köpçüligine eýe bolupdylar. Şol saýlawlaryň yzy bilenem olar Parlamentde özara koalisiýa döretdiler.

Moldowanyň kanunyna laýyklykda, şeýle ýagdaýda Parlamentdäki agdyklyk ediji syýasy topar öz adyndan prezident saýlamaly.
XS
SM
MD
LG