Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky talyplar hereketi barada hasabat ýaýradyldy


Şu gün duýbi Londonda ýerleşýän «Howpsuzlyk we Ösüş baradaky halkara Geňeşi» atly barlaglar merkezi Owganystandaky talyplaryň hereketiniň ýurduň ähli regionyna diýen ýaly ýaýrandygyny tassyklap, ýörite raport ýaýratdy.

Bu barlaglar merkezi öz raportynda häzirki wagt talyp söweşijileriniň Owganystanyň territoriýasynyň 80 prosente golaý ýerinde berk ornaşandyklaryny öňe sürýär.

Bu raporta görä, galan 20 prosent territoriyanyň hem 17 prosentinde talyplar aktiw hereket edýärler.

XS
SM
MD
LG