Sepleriň elýeterliligi

Dagystanly ýokary derejeli resmi atylyp öldürildi


Şu gün Orsýetiň habar agentlikleri ýurduň Dagystan respublikasynyň türmelere gözegçilik ediji edarasynyň başlygy Maksud Maksudowyň atylyp öldürilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, jenap Maksudow şu gün Mahaçgala şäherindäki öz öýüniň golaýynda näbelli ýaragly hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Bu wakadan aýratynlykda, şu gün Dagystanda amala aşyrylan başga bir hüjümde respublikanyň Botlik regionynyň ozalky ýerli administratory Magomed Sakratullaýewiň hem atylyp öldürilendigi barada maglumat alyndy.

XS
SM
MD
LG