Sepleriň elýeterliligi

Yragyň Abu-Garyb türmesinde ýangyn döredildi


Yragyň resmileri öten agşam Bagdat şäherinde ýerleşýän Abu-Garyb türmesindäki tussaglaryň türmede ýangyn döredip, türmäniň sakçylaryňa hüjüm edendiklerini habar berdiler.

Maglumata görä, tussaglaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin polisiýa Yragyň we Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerini kömege çagyrmaly bolupdyr.

Yrakdaky amerikan güýçleriniň metbugat sekretary Nikolas Konner bu operasiýanyň barşynda Abu-Garyb türmesiniň üç sany sakçysynyň we tussaglardan hem üçüsiniň ýaralanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG