Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda 9/11 terror hüjüminiň ýyl dönümi bellenýär


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terror hüjüminiň ýyl dönümi ýörite bellenilip geçilýär.

Bu waka bagyşlanylan matam çäresi şol wakada alnyp gaçylan uçarlar süsdürilip, weýran edilen ozalky dünýä söwda merkeziniň binalarynyň ýerleşen ýerinde gurnaldy.

Şol binalaryň ýumrulmagy netijesinde, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda üç müňe golaý adam ölüpdi.

Şu gün giçlik bu matam çäresinde käbir beýleki resmiler bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem ýörite söz sözlär diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG