Sepleriň elýeterliligi

Türkmenbaşy şäherinde halkara awto-ralli ýaryşy tamamlandy


Düýn Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde halkara awto-ralli ýaryşy tamamlandy.

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazanda 5-nji sentýabrda bäsleşige başlan awtomobil sürüjiler 8 günüň dowamynda 4000 kilometr töweregi ýol geçip, öz bäsleşiklerini Türkmenbaşy şäherinde tamamladylar. Awto-ralli ýaryşyna gatnaşyjylary garşy alyş dabarasyna gatnaşmak üçin düýn ol ýere Türkmenistanyn, Orsýetiň we Gazagystanyň hem prezidentleri bardylar.

Ýolsuz-ýodasyz sähralyklar we çöllükler boýunça ilkinji gezek Orsýetin, Gazagystanyň we Türkmenistanyň territoriýalarynda geçirilen bu halkara awto-ralli ýaryşyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Fransiýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Kuweýtden, Braziliýadan, Bel'giýadan, Çiliden, Beýik Britaniýadan we ençeme beýleki ýurtlardan onlarça professional maşyn sürüji sportsmenler gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG