Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Şu gün Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu saparynyň barşynda ukrain prezidenti Türkmenistanyň döwlet lideri Berdimuhamedow we käbir beýleki ýokary derejeli resmiler bilen özara gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar.

«Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty bu geçiriljek gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasyny açjakdygyny ýazsa-da, gepleşikleriň üns merkezinde nähili meseleleriň boljakdygy barada welin anyk maglumat bermeýär.

Maglumata görä, bu saparynyň barşynda ukrain prezidenti Wiktor Ýuşenko Amyderýanyň üstünden çekilen demirýol köprüsiniň açylyş dabarasyna, şeýle hem bu derýanyň üstünden guruljak täze awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna-da gatnaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG