Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela bilen Orsýet harby-ýarag söwdasy barada ylalaşyk baglaşdy


Düýn Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Wenesuela bilen Orsýetiň 2.2 milliard dollar baha durýan harby-ýarag söwdasy barada ylalaşyk baglaşandygyny mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, Wenesuelanyň Orsýetden harby ýaraglary, şol sanda söweş tanklaryny we söweş uçarlaryny satyn almagy üçin Orsýet tarapy Wenesuela 2.2 milliard dollar karz bermäge razy bolupdyr.

Hugo Çawez Orsýetden ýarag satyn almak planynyň Wenesuelanyň goňşusy Kolumbiýanyň öz harby bazalaryndaky amerikan goşunlarynyň sanyny artdyrmak baradaky täze ädimleri bilen baglanyşykly aladalary bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG