Sepleriň elýeterliligi

Ýukiýa Amano Halkara Atom energiýasy gullugynyň başlygy boldy


Ýapon diplomaty Ýukiýa Amano şu gün Halkara atom energiýasy gullugynyň başlyklygyna biragyzdan tassyk edildi.

Bu gullugyň häzirki başlygy Mohammed ElBaredeý noýabryň aýagynda iş başyndan aýrylýar. Ol BMG-nyň ýadro gözegçiligi guramasyna 12 ýyl ýolbaşçylyk etdi.

Halkara atom energiýasy gullugynyň 35 agzaly dolandyryjy geňeşi Amanony iýul aýynda saýlady. Ýöne ol Halkara atom energiýasy gullugynyň baş ýygnagynda 150 agza döwletiň hemmesi tarapyndan tassyklanmalydy. Bu guramanyň bir hepdelik ýygnagy şu gün Wenada öz işine başlady.
XS
SM
MD
LG