Sepleriň elýeterliligi

Uruş jenaýatlary sudy öňki resmini äsgermezlikde ýazgarýar


Ozalky Ýugoslawiýa üçin Halkara jenaýat tribunaly öňki resmini öz käbir sudlary barada ýaşryn maglumat alany üçin äsgermezlikde günäli tapdy.

Fransuz žurnalisti we Ýugoslawiýa üçin Halkara jenaýat tribunalynyň öňki sözçüsi Florens Hartman gizlin dokumentleriň üstüni açmakda günäli tapyldy. Ol bu dokumentleri we öňki serb prezidenti Slobodan Miloşowiçiň suduna degişli ýaşryn maglumatlary çap edenligi üçin 7 müň ýewro ýa-da 10 müň 200 dollar jerime tölemeli edildi.
XS
SM
MD
LG