Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwada sowet ganhorlugynda güman edilýän sud edilýär


Litwada öňki sowet soýuzynyň ýörite polis toparynyň, OMON-yň agzasy 7 serhetçini öldürenligi üçin sud ediler.

Wilnýusyň regional sudy Konstantin Nikuliniň bu jenaýat boýunça gorag talabyny delil ýoklugy üçin ret etdi. Ýedi serhetçi 1991-nji ýylyň 31-nji iýulynda Litwa bilen Belarusyň araçäginde, jezalandyryp öldürme usulynda, atylyp öldürilipdi.

Bu hüjümden aman galan ýeke adam hem maýyp bolupdy. Nikulin öz adyny üýtgedip, Latwiýanyň raýaty bolýar. Emma ol tutulyp, 2007-nji ýylyň noýabrynda Litwa berilýär.

Orsýet bu işde güman edilýän beýleki üç adamy bermekden boýun gaçyrýar.
XS
SM
MD
LG