Sepleriň elýeterliligi

Eýran dünýä döwletleri bilen oktýabryň başynda gepleşer


Eýran we dünýäniň 6 döwleti Tähranyň dawaly ýadro programmasy baradaky jedelleri çözmek üçin oktýabryň başynda gepleşiklere başlar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Hawier Solananyň edarasy onuň Eýranyň baş ýadro gepleşikçisi Saýid Jalili bilen 1-nji oktýabrda duşuşjagyny aýtdy. Bu duşuşygyň nirede boljagy heniz belli däl.

Solana Eýran bilen BMG-nyň 5 hemişelik agzasynyň we Germaniýanyň tabşyrygy esasynda gepleşýär. Birleşen Ştatlar Eýrana sentýabryň aýagyna çenli gepleşiklere başlamak üçin möhlet belledi. Eger Tähran gepleşiklere başlamasa, has köp sanksiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar.
XS
SM
MD
LG