Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň gülkünç çagyryşlary


Aleksandr Ryklin

Ors prezidenti interneti eýelemek ugrundaky synanyşygyny dowam etdirýär. Dmitriý Medwedewiň 10-njy sentýabrda ”Gazeta.ru” internet saýtynda ýerleşdirilen “Orsýet, öňe!” atly makalasy gaty täsin makala. Onuň täsindigine şek-şübhe ýok. Men-ä, dogrusy, şondan täsin zat bardyr diýip, göz öňüne-de getirip bilemok.

Okap otyrkam ilki bilen kelläme geleni – makalanyň bir kopiýasyny alyp, üstünde täzeden işläýin, ol ýerine-bu ýerine güljagaz çyzyp, bezäýin diýen pikir boldy. Makalany okanymdan soň, özüm üçin bir hili biynjalyk boldum. Nähili-de bolsa ol muny maňa ýazýar. Makalanyň edil girişinde: “Şu gün neşir edilýän bu makala size, Orsýetiň ähli raýatlaryna, bu pikiri ýetirmek üçin ýazyldy...” diýilýär.

Men bu makalany näme üçin okadym? Okara mundan gowy zat ýokmudy? Näme üçin bolsun, men ony Medwedewiň hatyrasyna okadym. Sebäbi kämillik ýaşyna ýeten, sylag-hormatyny saklaýan adam öz duýgularyna bäs gelmegi başarmaly, joşubermeli däl.

Makalany tamamlar-tamamlamaz, özüme “bu näme?’, “Putine ýazylan hatmyka?, “Ýa-da ol muny aýalyna ýa taryhçylara ýazdymykan?” diýen soraglary berdim. Ýok, dostlar, beýle däl. Bu hat ilkinji nobatda kemakyllara, akmaklara ýazylypdyr. Ýöne siz, men akmak däl ahyryn.

Aramyzda akmaklar bolsa-da, barymyz akmak däl. Şol sebäpdenem: “Bu ýerde ýagdaýyň juda gowy däldigini global ykdysady krizis görkezdi. 20 ýyllyk gazaply transformasiýa ýurdumyzy tebigy resurslara kemsidiji derejede garaşlylykdan şindi-de dyndarman gelýär” diýilýänini okanyňda gülkiň tutýar. Ýagdaýyň ýaramazdygy krizisden öň görnüp durmaýarmydy nä?

Gaty gyzykly zat ýöne...

“Demokratik institutlar döredildi, berkidildi, ýöne olaryň hili öwerlik däl. Graždan jemgyýeti ysgynsyz” diýilmegi gaty gyzykly zat. Jenap prezident, şol “Demokratik institutlary” mynjyradan, ýaňy kök urup gelýän “graždan jemgyýetini” sogrup ýere çalan sen we seniň adamlaryň (has dogrusy, Putiniň adamlary) dälmi? Indi-de “olaryň hili aňrybaş däl” diýip, geň galan bolýarsyň.

“Biziň sanymyz ýyl saýyn azalýar” diýilmegi gaty gyzykly. Dogrudanam, sen ýalylaryň sany ýylba-ýyl artýar, ýöne biz azalyp barýarys.

“Biz çyndan bir täze zamanada ýaşaýarys. Munuň sebäbi zamananyň hemişe edişi ýaly diňe öňe ilerlemegi däl” diýilmegi gyzykly zat. Muny-ha men düşündirmäge-de utanýaryn, ýöne okanymda welin, gülküden ýaňa içim gyrylýar.

“Biz, dogrudanam, bir özboluşy döwürde ýaşaýarys. Biziň bir täze, erkin, gülläp ösýän, güýçli Orsýeti döredere mümkinçiligimiz bar” diýilmegi gülkünç zat. Sebäbi sen barkaň bular ýaly mümkinçiligiň ýokdugyna biz gaty oňat düşünýäris. Bular ýaly mümkinçilik ozal hem bolmandy, gelejekde hem bolmaz. Orsýetiň bir mümkinçiliginiň bar bolmagy ähtimal, ýöne bu sensiz bolar.

Dogrymy aýtsam, men Medwedewe gaty gynanýaryn, sebäbi onuň bu zatlary ak ýürekden aýdýandygyna ýekeje sekund hem ynanmaýaryn. Ol adamlar bilen “hyzmatdaşlyk etmegi” isleýär. Beýle bolsa, ilki bilen Putini işden çykarsyn, häzirki hereket edýän Dumany dargatsyn. Galanyny hem soňra göreris.

Aleksandr Ryklin moskwaly synçy. Asyl nusgasy “Ýežednewnaýa žurnalda” çap edilen we şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG