Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň prezidenti Aşgabada bardy


Düýn Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň şu gün ukrain prezidenti bilen duşuşjakdygyny habar berýär.

Maglumata görä, geçiriljek gepleşikleriň netijesinde türkmen-ukrain hyzmatdaşlyklarynyň käbir ugurlary boýunça birnäçe möhüm dokumentlere gol çekiler diýlip garaşylýar.

Ukrain prezidentiniň bu saparynyň öňýany düýn Aşgabatda türkmen-ukrain biznes forumy hem geçirildi.
XS
SM
MD
LG