Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow «Iteranyň» ýolbaşçysyny kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň «Itera» nebit-gaz kompaniýasynyň direktorlar Geneşiniň başlygy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşykda Igor Makarow öz kompaniýasyna Türkmenistandaky ynanylan birnäçe iri proýektler boýunça alnyp barylýan işler hem-de ýakyn geljekdäki planlar barada türkmen prezidentine hasabat berdi.

Şeýle hem ol ýakynda Kaspi deňzindäki Türkmenistana degişli energiýa ýataklaryndan birini özleşdirmek işleriniň «Itera» kompaniýasyna ynanylmagy bilen baglanyşykly prezident Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Bu baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyga 13-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilipdi.
XS
SM
MD
LG