Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Waşingtonyň eden çagyryşyny ret etdi


Düýn Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Palestina degişli Günbatar Kenarda Ysraýylyň alyp barýan ähli gurluşyk işleriniň doly togtadylmagy barada Waşingtonyň eden çagyryşyny ret etdi.

Bu barada eden çykyşynda jenap Netanýahu diňe gurluşyklaryň geriminiň wagtlaýynça çäklendirilip bilinjekdigini mälim etdi.

Şu gün Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ysraýyl-palestin meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň ýakyn Gündogar regiony boýunça ýörite wekili Jorj Mitçell bilen duşuşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG