Sepleriň elýeterliligi

Muhammed Nurizad Eýranyň häkimiýetlerini tankytlady


Düýn eýranly tanymal konserwatiw aktiwistlerden biri Muhammed Nurizad Eýranyň häkimiýetlerini, şol sanda ýurduň baş ruhy lideri Aýatolla Aly Hameneýini hem tankytlap, beýanat ýaýratdy.

Bu barada hökümetiň adyna ýazan hatynda konserwatiw aktiwist Muhammed Nurizad, hususan-da, prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen geçirilen demonstrasiýalar wagtynda protestçileriň öldürilmegine hut Aýatolla Aly Hameneýiniň jogapkärdigini we bu wakalar üçin onuň ötünç soramalydygyny nygtapdyr. Muhammed Nurizadiň ýazan bu haty düýn birnäçe internet saýtlarynda ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG