Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Lehman Brothers" ýa-da dünýäni sarsan ýykylyş


Geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda "Lehman Brothers" kompaniýasynyň Nýu-Ýorkdaky edarasy işgärler tarapyndan köpçülikleýin terk edildi.
Geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda "Lehman Brothers" kompaniýasynyň Nýu-Ýorkdaky edarasy işgärler tarapyndan köpçülikleýin terk edildi.
Geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda "Lehman Brothers" kompaniýasynyň Nýu-Ýorkdaky edarasy işgärler tarapyndan köpçülikleýin terk edildi. Olar şonda örän aladaly görnüpdiler.

“Bu betbagytçylykdyr. Men bu ýerde 23 ýyllap işledim we mundan beýläk name etjegimi bilmeýärin. Bu maňa agyr täsir ýetirdi. Men aksiýalaryň söwdasy boýunça iş alyp bardym we şeýle ýagdaý ýüze çykar öýtmändim” diýip, "Lehman Brothers" kompaniýasynyň işgäri aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrliginiň we Federal Rezerw sistemasynyň resmileri we maliýe biržasynyň wekilleri dynç günlerini dartgynly gepleşiklerde geçiripdiler. Emma "Lehman Brothers" kompaniýasy hökümet tarapyndan halas edilmedi we ol başga bir bank tarapyndan satyn hem alynmady. 2008-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda 158 ýyllyk taryhy bolan "Lehman Brothers" ABŞ-nyň taryhynda tozan iň iri kompaniýa öwrüldi.

“Lehman Brothers” kompaniýasynyň dargamagy maliýe dünýäsine öz täsirini ýetirdi. Bu möhüm pudagyň gymmatly kagyzlaryň zamunyna öwrülmegine getirdi. Şirketler aýlyk tölemek ýaly maksatlar bilen ýeterlik nagt pula eýe bolmak üçin gysga möhletleýin kredit kagyzlaryny çap etmeli bolupdy.

“Lehman Brothers” kompaniýasynyň bergileriniň hümmeti tiz pese gaçypdy. Betbagytçylygyň ilkinji alamatlaryny "Lehman Brothers" kompaniýasynyň 785 million dollarlyk bergisine eýe bolan "Reserve Primary" atly maliýe fondy duýup başlapdy. Bu bergi zerarly emele gelen ýitgiler her bir aksiýanyň bahasynyň 1 dollardan pese gaçmagyna sebäp boldy.

“Aslynda betbagtçylykly däldi”

Çikago şäheriniň Biznes Uniwersitetinden maliýe meseleler boýunça professor Luigi Zingales şonda dörän ýagdaýyň aslyýetinde betbagytçylykly bolmanlygyny aýtdy, emma ol sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýdi: “Bu umumy ýagdaýlaryň çäginde betbagytçylyk bolmandy, sebäbi öz puluny Maliýe Fondlarynda saklan adamlaryň 1 dollary 97,5 tsente çenli pese düşen hem bolsa, bu aslyýetinde onçakly uly problema däldi. Emma şeýle ýagdaýyň beýleki Fondlarda hem döremeginiň howpy bankyň maliýe bazaryň çägindäki özara fondlara tarap hereket etmegine itergi berdi we hökümedi bazara goşulmaga mejbur edip, kompaniýalaryň gysga möhletleýin kredit kagyzlaryny çykarmak arkaly öz-özlerini maliýeleşdirmek işini kynlaşdyrypdy”.

Maliýe krisiz çaltlyk bilen ýaýrap başlapdy.

Şol wakadan bir hepde ozal ABŞ-nyň Maliýe ministrligi “Freddie Mac” we “Fannie May” atly ýurduň ägirt uly iki maliýe kompaniýasyny döwlet eýeçiligine geçiripdi.

"Leman Brothers" kompaniýasy özüniň bankrot bolanlygyny yglan eden güni ýurduň ýene bir inwestision banky “Merrill Lynch”, “Bank of America” bankynyň eýeçiligine geçipdi.

Munuň yz ýany ABŞ-nyň hökümeti AIG ätýaçlyk fonduny halas etmek işine girişdi. Bir aýyň dowamynda Maliýe ministri Hank Paulson ýurduň maliýe pudagyny durnuklylaşdyrmak üçin 700 milliard dollarlyk çäreleriň syýasy resmiler tarapyndan makullanmagy ugrunda hereket edipdi.
XS
SM
MD
LG