Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen gepleşikler Türkiýede bolmagy mümkin


Eýran bilen dünýäniň uly döwletleriniň arasynda oktýabr aýynyň başyna bellenen gepleşikler Türkiýede bolmagy mümkin - diýip, Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň biri Hawýer Solana aýtdy.

Brýusselde žurnalistleriň öňünde çykyş edip, günbatar döwletleriň syýasatynyň üýtgewsiz galýandygyny, Eýrany ýadro programmasyndan ýüz öwürmäge yrmak üçin synanyşyk ediljekdigini, eger bu iş başartsa, Eýrana hyzmatdaşlyk hem dürli ugurlar boýunça ýardam teklip ediljekdigini aýtdy.

Gepleşikleriň birinji tapgyryna başlamak 1-nji oktýabra planlaşdyryldy.

Halkara jemgyetçiligi Eýrany ýadro ýaragyna ee bolmaga synanyşykda güman edýär. Eýran ony inkär edýär. Onuň garşysyna BMG -nyň sanksiýalary girizilipdi.
XS
SM
MD
LG