Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-li wekil Palestin we Ysraýyl liderleri bilen duşuşýar


Ýakyn Gündogar ýaraşyk prosessini ýaňadan dikeltmäge synanyşyk üçin ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mitçell şu gün Palestin we Ysraýyl liderleri bilen duşuşýar.

Habar berlişine görä, Mitçell Iýerusalimde Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen gepleşikler geçirdi. Ondan soň Günbatar kenarda Mitçell Palestin awtonomiýasynyň baştutany Mahmut Abbas bilen duşuşdy.

Palestin-Ysraýyl gepleşiklerini gaýtadan ýola goýmakda esasy päsgelçilikleriň biri basylyp alnan territoriýalarda ýewreý ilatly nokatlarynyň gurluşygydyr. ABŞ-nyň talap edýändigine garamazdan, Ysraýyl häzirlikçe şol gurluşyklary ýatyrmakdan ýüz öwürýär.
XS
SM
MD
LG