Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buşa köwüşlerini atan yrakly žurnalist türmeden çykdy


ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buşa köwüşlerini atan yrakly žurnalist Muntazer az- Zeýdi türmede özüni gynandyklaryny aýtdy.

Şu gün türmeden çykan az-Zeýdi tussag edilenden soňky günler Yragyň ýörite gulluklarynyň işgärleriniň özüni urandyklaryny, elektrik togy bilen gynandyklaryny žurnalistlere gürrüň berdi. Žurnalist Yragyň premýer-ministri Nuri Al-Malikiniň ötünç soramagyny talap etdi.

Az-Zeýdiň sözlerine görä, ol köwüşlerini Jorj Buşa ABŞ-lnyň Yragy okkupirlemegine protestini bildirmek üçin zyňypdyr.

2008-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Jorj Buş Bagdatda metbugat konferensiýany geçirip duran wagty az-Zeýdi köwüşlerini oňa atypdy. Daşary ýurt baştutanyny masgaralamakda günä bildirilip, žurnalist üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi, soň şol möhlet gysgaldylypdy.
XS
SM
MD
LG