Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ABŞ-ny Dünýä söwda guramasyna şikaýat eder


Hytaýda öndürilen maşyn tekerlerini ýurda getirmekde ABŞ-nyň goşmaça paç girizmegi sebäpli Hytaý bu hereketi üçin ABŞ-nyň üstünden Dünýä söwda guramasyna şikaýat eder.

Hytaý häkimiýetleriniň pikiriçe, şol dawa ikitaraplaýyn gatnaşyklara täsir etmez. ABŞ bilen ykdysady we söwda gatnaşyklar Hytaý üçin juda möhüm.

Hepdäniň bäşinji güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hytaý tekerlerine goşmaça paç girizmegi tassyklady.

Netijede, amerikan kärdeşler arkalaşygynyň maglumatyna görä, ABŞ-da müňlerçe adam işini ýitiripdir.
XS
SM
MD
LG