Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda nebit ammaryn hüjüm etmäge synanyşyk boldy


Päkistanyň Karaçi şäherinde nebit saklanýan ammara hüjüm etmäge synanyşyk boldy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, aýal bürenjesini ýapynan üç erkek adam deňiz portunyň ýanynda ýerleşýän ammaryň territoriýasyna aralaşmaga synanyşypdyr. Olar öňünden çykan garawuly öldüripdirler.

Beýleki goragçylar hem polisiýa ok atyp başlansoň, hüjüm edenler gizlenipdir. Olaryň kimlerdigi anyklanmady.

Häkimiýetleriň pikiriçe, bu hüjümi Yslam söweşijileri amala aşyrdy.
XS
SM
MD
LG