Sepleriň elýeterliligi

Žurnalistleriň ölümi boýunça Orsýet dünýäde üçünji


Adam hukukldaryny goraýan halkara guramalaryň wekilleriniň aýtmagyna görä, habar serişdeleriniň işgärleriniň ölümi boýunça Orsýet dünýäde üçünji orny eýeleýär.

Adatça, şeýle jenaýatlaryň üsti açylmaýar. Orsyetli žurnalistler öz janyndan howatyrlanýarlar. Şonuň üçin korrupsiýa, adam hukuklarynyň bozulmalary, Kremliň Demirgazyk Kawkazdaky syýasaty ýaly meseleler boýunça az ýazyp başladylar - diýlip, žurnalistleri goramak boýunça komitetiň hasabatynda bellendi.

Bu iş üçin ahlak jogapkärçiligini Orsyetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen premýer-ministr Wladimir Putiniň çekmelidigini dokladyň awtorlary ýazdy.
XS
SM
MD
LG