Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ÝB-niň okuw boýunça proýektine garalar


ÝB-niň Türkmenistana tehnki goldaw programmasynyň çäginde Ýewrokomissiýa tarapyndan goldanýan “Professional bilim we okuw sistemasyny täzelemäge ýardam” proýektine Aşgabatda açylan iki günlük seminarda serediler - diýip, internet gazeti habar berýär.

Forumy Ýewropanyň bilim fondy, Türkmenistanyň DIM-niň goldamagy bilen ÝB-niň Türkmenistandaky “Ýewropa öýi” Ýewrokomissiýa bilen bilelikde gurnapdyr.

Ýewropa bilim fondunyň ekspertleriniň çykyşlary esasan reformalary planlaşdyrmagyň tehnologiýasy, oňa taýýarlyk hem amala aşyrmak meselelerine bagyşlanypdyr.
XS
SM
MD
LG