Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýüpek ýoly-2009» awtorallisi tamamlandy


Syýasaty öwreniji D.Ýoldaşew bolsa awtoralliniň halkara “Ýüpek ýoluny” gaýtadan açmak maksady bilen geçirilendigini aýdýar.
Syýasaty öwreniji D.Ýoldaşew bolsa awtoralliniň halkara “Ýüpek ýoluny” gaýtadan açmak maksady bilen geçirilendigini aýdýar.

«Ýüpek ýoly-2009» halkara awtoralliniň tamamlaýjy tapgyryna badalga berilmeginiň dabaraly çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň, Orsýetiň we Gazagystanyň prezidentleri Türkmenbaşy şäherinde duşuşdylar.

Dabaraly çärede ýurduň prezidenti G.Berdimuhamedow “Ralli:Ýüpek ýoly-2009” proýektini goldanlygy üçin Orsýete, Tatarystana we Gazagystana öz minnetdarlygyny bildiripdir. Onuň sözlerine göra, «Ýüpek ýoly döwletleri diňe söwda meselesinde birleşdirmän, olary dostluk-doganlyk birek-birege düşünişmek, birek-birekden öwrenmek meselelerinde hem bir-birine ýakynlaşdyrýar.

Şeýle-de prezident Orsýet, Gazagystan, Türkmenistan aralygynda hazarýaka gaz geçirijisiniň, Eýran-Türkmenistan-Gazagystan demirýolunyň çekilýändigini we birnäçe ýollaryň gurulýandygyny-da nygtapdyr.

Onuň sözlerine göra, “Ýüpek ýoly-2009” awtoralli tomaşasy möhum we ol gahrymanlaryň, mertleriň sportudyr. “Sebäbi awtoralli sürüjileri tehnikanyň näderejede güýçlüdigini, nädereje çydamlydygyny bilmäge öwrenmäge kömek berýärler. Olaryň tejribesinden soň biz peýdalanýarys. Biziň çöllerimizde haýsy tehnikany ulanmagyň mümkindigini bilmek bize geljekde ykdysady potensialymyzy ösdürmäge kömek berýär” diýip, prezident belläpdir.

Türkmenistanly ýazyjy, synçy Amanmyrat Bugaýew hem ýurduň dünýä derejesinde tanalmagynda beýle çäräniň uly rol oýnaýandygyny aýdýar. «Çärä 25 döwletiň sürüjileri gatnaşýar. Daşary ýurtly sürüjileriň arasynda Türkmenleriň bardygyna guwanýan. Bu uly zat.»

Izolýasiýadan integrasiýa

“Beýik Ýüpek ýoly ýaly ideýalary dewiz edinip, köp çäreler geçirilýär. Beýle çärelerden hiç bir döwlet zyýan görmeýär. Meselem, S.Nyýazow döwründe izolýasiýa düşen ýurt üçin bu esasan integrasiýa, dünýä açylmak nukdaýnazaryndan uly rol oýnaýar” diýip, Özbegistanly synçy Abdurahman Taşanow aýdýar.

Taşanowyň pikirine göra, G.Berdimuhamedow soňky döwurde açyk jemgyýet gurmaga çalyşýar. “Şu mahala çenli saklanyp gelen awtoritarizmi assa-ýuwaş ýok etmäge çalyşýar. Prezidentiň şol maksadynyň amala aşmagy üçin beýle çäreler, populistik çäreler bolsa-da, gowudyr. Sebäbi daşary ýurtlardan jurnalistler we çärä gatnaşyjylar Türkmenistana gelýärler. Türkmenistanlylarda-da, Ýurtdan daşa çykmaga mümkinçilik döreýär. Adamlaryň ýurda girip-çykmasy köpelse, ýurtda açyk jemgyýetiň gurulmagyna mümkinçilik döreýar”.

Syýasaty öwreniji D.Ýoldaşew bolsa awtoralliniň halkara “Ýüpek ýoluny” gaýtadan açmak maksady bilen geçirilendigini aýdýar. “Beýle awtotomaşany geçirmekden maksat: Türkmenistany izolýasiýadan çykarmak we turistik industriýany ösdürmek, şeýle-de halklary bir-birine ýakynlaşdyrmakdyr. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolundan” geçmäge rugsat bermegi – indi malim derejede hökümetiň ýurduň ýapyk bolanyndan açyk bolany gowy diýip, hereket edýändigini görkezýär” diýip, Ýoldaşew aýdýar.

Türkmenistanly synçy A.Bugaýew geçirilýän beýle çäreleriň Garagum çölüniň ekologiýasyna ýaramaz täsir etmegi mümkin diýýär. «Soňky döwürde Garagum çölünden garaýol üstüne garaýol geçirilýar. Nebit-gaz gözleýän ekspedisiýalar, awa çykýanlar, ynha şu zatlaryň hemmesi Garagumuň çölleşmegine ýaramaz täsir edýär.»

“Emma şeýle-de bolsa, bu çäre hakynda Ýewropanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde yzygiderli maglumat berlip duruldy. Bu ýurdy dünýä tanatmaga kömek berer” diýip, A.Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Halkara awtoralli «Ýüpek ýoly-2009» tomaşasynda ýörüte gurnalan finişe ispaniýaly tanymal Karlos Saýnsyň, orsýetli Ferdaus Kabirowyň, amerikaly Mark Milleriň, afrikaly Jinel De Wileriň ekipažlarynyň Aşgabada ýetip gelendiklerini hem bellap geçmelidir.
XS
SM
MD
LG