Sepleriň elýeterliligi

Buşa köwşüni zyňan žurnalist azat edildi


Geçen ýylyň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşa köwşüni zyňandygy üçin tussag edilen yrakly žurnalist Muntazer al-Zaýdi düýn tussaglykdan azat edildi.

Muntazer al-Zaýdiniň başda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigine garamazdan, birneme soňra onuň tussaglyk möhleti bir ýyla çenli azaldylypdy.
Žurnalist al-Zaýdi tussaglykdan boşadylmagynyň yzy bilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda özüniň türmede urlup, gynalandygyny aýtdy.

Ozal kän bir tanalmaýan žurnalist Muntazer al-Zaýdi geçen ýylyň dekabrynda şol wagtky amerikan prezidenti Jorj Buşa köwşüni zyňmagy bilen baglanyşykly bolan wakadan soň, arap ýurtlarynyň köpüsinde gahryman hökmünde meşhurlyga eýe boldy.
XS
SM
MD
LG