Sepleriň elýeterliligi

Fransuz Parlamenti internet boýunça kanuna ses berdi


Düýn Fransiýanyň Parlamentiniň aşaky öýi awtorlyk kanunlaryny bozýan we bikanun ýollar bilen internetden kinodyr, aýdym-sazlary göçürýän adamlaryň internetlerini kesmeklige rugsat berýän kanunyň proýektine ses berdi.

Şu ýylyň başynda bu kanunyň proýekti fransuz Parlamentiniň ýokarky öýi tarapyndan hem tassyklanylypdy. Indi bu proýekt Parlamentiň ýörite komiteti tarapyndan tassyklanylmaly.

Bu kanuny proýekte görä, awtorlyk hukuklaryny bozup, internetden kinodyr, aýdym-sazlary göçürýän adamlara bir ýyla çenli internetden peýdalanmaklyk gadagan edilip bilinýär ýa-da olara türme tussaglygy-da berlip bilinýär.


XS
SM
MD
LG